Ruhani:Eýran bilen Günorta Afrikanyň gatnaşyklary ähmiýetlidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6176-ruhani_eýran_bilen_günorta_afrikanyň_gatnaşyklary_ähmiýetlidir
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani öten agşam Tehranda Günorta Afrikanyň daşary işler ministri Naledi Pandoryň duşuşygynda iki ýurduň aragatnaşyklaryny sebitiň we Günorta Afrika bilen Eýran milletleriniň bähbidine bildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 17, 2019 13:47 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýran bilen Günorta Afrikanyň gatnaşyklary ähmiýetlidir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani öten agşam Tehranda Günorta Afrikanyň daşary işler ministri Naledi Pandoryň duşuşygynda iki ýurduň aragatnaşyklaryny sebitiň we Günorta Afrika bilen Eýran milletleriniň bähbidine bildi.

prezident Hasan Ruhani bu duşuşykda Günorta Afrikanyň tebigy,magdan we ynsanlyk baýlyklaryna yşarat edip Eýran bir dost ýurt höküminde Günorta Afrika bilen hemişe ýakyn aragatnaşyklary saklandyr diýip yglan etdi.

prezident Ruhani şeýle-de Amerikanyň bir taraplaýyn ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmagyna yşarat edip Amerikanyň bu işi hemmeleriň şol sanda onuň öz zyýanynadyr diýip yglan etdi.

Eýran bütin ýurtlardan şol sanda Günorta Afrikadan Amerikanyň bu hilli işleriniň garşysynda berk durmagyny isleýändir diýip prezident Ruhani sözlerine goşdy.

bu duşuşykda Günorta Afrikanyň daşary işler ministri Naledi Pandor hem öz ýurdunyň Eýran bilen saklaýan aragatnaşyklaryny mäkäm we usula laýyk bilmek bilen Günorta Afrika bütin ugurlarda özüniň Eýran bilen saklaýan hyzmatdaşlyklaryny ösdürmegiň yzyndadyr diýip yglan etdi.