Aragçi:Eýran ýadro ylalaşykdaky jogapkärçiliklerini azaltmak ugurda indiki ädimini hökman ätjekdir
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň diňe Eýran tarapyndan ýerine ýetirilip durmagyny kabul ederlik bilmän Tehran bu ylalaşykdaky jogapkärçiliklerini azaltmak ugurda indiki ädimini hem hökman äder diýip yglan etdi.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,düýn Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi Tehranda Şwesiýanyň daşary işler ministrniň orunbasary Annika Söderiň duşuşygynda Eýran ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky ykdysady bähbitlerini el-gerýança bu işi dowam eder diýmek bilen Amerikanyň bu ylalaşykdan çykmagyna garamazdan Eýran bu ylalaşygy goramak ugurda diplomatiýa ýoluny açyk goýandyr emma heniz Ýewropalylardan talaba laýyk hereketi gören däldiris diýip beýan etdi.
Annika Söder hem bu duşuşykda iki taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin Şwesiýanyň berk yrada gulluk edýänligine yşarat edip Şwesiýa döwleti Ýewropa Bileleşigi bilen hemra ýadro ylalaşygyň ýerine ýetirilmegini we onuň goralmagyny nygtaýandyr diýdi.