Jahangiri:Arbaein Aşuranyň sargydyny ýaýratmak üçin bir ulgama öwürilendir
(last modified Sat, 19 Oct 2019 11:19:33 GMT )
Oct 19, 2019 16:19 Asia/Ashgabat
  • Jahangiri:Arbaein Aşuranyň sargydyny ýaýratmak üçin bir ulgama öwürilendir

Eýranyň döwlet baştutanynyň birinji orunbasary Ymam Huseýin(as_yň Arbaeini Aşura galkynyşynyň sargydyny ýaýratmak üçin bir sosial ulgama öwürilendir diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Arbaeiniň uly ýol ýöreşine gatnaşmak üçin şu gün Yraga sapar eden Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Ishak Jahangiri habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Ymam Huseýin(as)yň zyýaratçylarynyň Yragyň döwleti we milleti tarapyndan gowy garşy alynandygyna yşarat etmek bilen Najaf şäherinden Karbala barýan ýolunda zyýaratçylara gulluk eden Yrak ilatyndan hem-de zyýaratçylara hyzmat ýetirýän kerwenlerden gadyrdanlyk etdi.

geçen 10 ýyllykda Eýranyň serhetlerinden Yraga geçen Eýranlylaryň sany 50 müňden 3 million 500 müňe ýetendir we bu gidiş dowam etjekdir diýip Jahangiri sözlerine goşdy.

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Ishak Jahangiri Yrak saparynyň dowamynda Najaf şäheriniň welaýat häkimi Loý Al-Ýaseri bilen duşuşyp Arbaein myrasymy barada gürrüň etdi.

Jahangiri şeýle-de telefon arkaly Yragyň premýer ministri bilen geçiren söhbetdeşliginde zyýaratçylaryň gowy garşy alynmagy babatly minnetdarlygyny bildirmek bilen Arbaein myrasymy Yslam Dünýäsiniň birleşiginiň we kuwwatlylygynyň sergisine öwürilendir diýdi.