Zarif:Eýran Ýemen uruşyna soň bermek ugurda öňe sürilýän taslamalary garşy alýandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6219-zarif_eýran_Ýemen_uruşyna_soň_bermek_ugurda_öňe_sürilýän_taslamalary_garşy_alýandyr
Eýranyň daşary işler ministri Ýemeniň uruşyna soň bermek ugurdaky taslamalary Tehran garşy alýandyr diýmek bilen Eýran hemişe Ýemen ilatynyň ýanynda bolandyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 21, 2019 18:05 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Eýran Ýemen uruşyna soň bermek ugurda öňe sürilýän taslamalary garşy alýandyr

Eýranyň daşary işler ministri Ýemeniň uruşyna soň bermek ugurdaky taslamalary Tehran garşy alýandyr diýmek bilen Eýran hemişe Ýemen ilatynyň ýanynda bolandyr diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Ýemeniň Al-Masira habar sayty bilen geçiren söhbetdeşliginde Ýemeniň ýagdaýy barada Pakistanyň premýer ministri Omran Han bilen arabaglanşyklar saklanyp durlandyr we Eýran Ýemeniň uruşyna soň bermek ugurda öňe sürilýän taslamalary garşy alýandyr diýip yglan etdi.

Zarif şeýle-de aradaky düşünşmezlikleri ýok etmek ugurda ýagdaý mynasyp bolan ýerinde özüniň Arabystana sapar etmäge taýýardygyny habar berdi.

Pakistanyň premýer ministri Omran Han baýak Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani we Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi hezretleri bilen duşuşmakdan soň Arabystana hem sapar edip ol ýurduň resmileri bilen duşuşyp gürrüň edendir.

Omran Han özüniň bu ýurtlara eden saparynyň maksadyny sebit ýurtlaryň arasyndaky düşünişmezlikleri aradan aýyrmaklyk bilendir.