Serleşger Bageri: Eýranyň goranyş kuwwatlylygy duşmany hüjümden alyp galýandyr
Eýran Yslam respublikasynyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy Eýranyň goranyş kuwwatlylygy duşmany hüjümden alyp galýandyr diýmek bilen duşman yslam ülkesiniň serhetlerine el gataýsa gudratly we başarnykly ýaragly güýçlere gabat geljekdigini bilmelidir diýdi.
şu gün Eýran Yslam respublikasynyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy Serdar Serleşger Muhammet Bageri Eýran goşunynyň gury ýer güýjüniň ýaşyl papaklylar güýçleriniň 65-nji toparynyň harby we goranyş taýýarlygyny ýakyndan baryp gören wagtynda beren gürrüňlerinde Eýran Yslam respublikasynyň ýaragly güýçleri hiç bir ýurda el gatmakçy däldiklerini emma duşmanyň hüjümleriniň garşysynda berk durýandyklaryny taryh boýunda görkezendirler diýdi,
howpsuzlygyň hemişelik üçin berkarar edilmegi, goranyş gudratyň berkidilmegi we duşmanlaryň atýan haýbatlarynyň garşysynda täsirli işleriň edilmegi Eýranyň ýaragly güýçleriniň jogapkärçiliklerindendir diýip Eýran Yslam respublikasynyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy Serdar Serleşger Muhammet Bageri sözlerine goşdy.