serdar Şarif:Eýran duşmanyň her hilli hereketine berk gaýtawul görkezer
yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüniň metbugat wekili serdar sertip Ramazan Şarif Eýranyň ýokary goranyş ukybyna yşarat edip Eýranyň ýaragly güýçleri duşmanlaryň her hilli hereketlerine berk gaýtawuly görkezjekdirler diýip yglan etdi.
Eýranyň goranyş başarnygy bir derejä ýetendir welim hiç bir duşman Eýrana el-gatmaga mylt edip bilmez diýip yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüniň metbugat wekili serdar sertip Ramazan Şarif aýtdy.
serdsr Şarif şeýle-de Aziýanyň günbatarynda duşmanlaryň pitnelerine yşarat edip Amerika we Ýewropa milliardlarça dollar çykdaýjy etmek bilen terrorçy DAEŞ toparyny döretdiler emma netije gazanyp bilmediler we çydam toplumy ýeňiş gazandy diýip sözlerine goşdy.
Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy aýatolla Hameneýi hezretleri 2016-nji ýylyň Awgust aýynda Eýranyň goranmak ministrliginiň jogapkärleriniň we ozarmanlarynyň duşuşygynda beren gürrüňlerinde duşmanyň howpynyň garşysynda ýurduň goranyş başarjaňlygynyň ýokary galdyrylmagyny nygtadylar.