Ruhani:Eýran 1395-nji ýylda dünýäde iň uly ykdysady ösüşi el-gerendir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6230-ruhani_eýran_1395_nji_ýylda_dünýäde_iň_uly_ykdysady_ösüşi_el_gerendir
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň soňky ýyllarda ykdysadyýetde el-geren ösüşlerine yşarat edip Eýran 1395-nji ýylda dünýäde iň uly ykdysady ösüşi el-germegi başardy diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 23, 2019 18:49 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýran 1395-nji ýylda dünýäde iň uly ykdysady ösüşi el-gerendir

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň soňky ýyllarda ykdysadyýetde el-geren ösüşlerine yşarat edip Eýran 1395-nji ýylda dünýäde iň uly ykdysady ösüşi el-germegi başardy diýip yglan etdi.

prezident Ruhani şu gün Eýranyň döwlet toparynyň maslahatynda beren gürrüňlerinde Eýran 1395-nji ýylda ýüze 12 bütin ondan 5 ösüşi el-gerip ony 3 ýyl dowam etmegi başarandyr diýip yglan etdi.

şol ýylda Eýranyň eksport edýän harytlary daşary ýurtlardan satyn alýan harytlardan artykmaç bolandyr we Eýran benzin,gazoil,bugdaý hatda ýagly däneler bölüminde garaşsyzlyga tarap hereket edendir diýip prezident Ruhani aýtdy.

Eýranyň döwlet baştutany ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna hem yşarat edip duşmanlar bu ylalaşyga zarba urmak bilen Eýran düzgünini dyza çökerdip bileris öýtdiler emma Eýran milleti hüşgärlik bilen olaryň hilelerini puja çykardylar diýip sözlerine goşdy.