Nagawi Huseýni: sebitiň kynçylyklaryny çözmek üçin kesekilere gerek ýokdyr
Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň metbugat wekili Seýed Huseýin Nagawi Huseýni , sebit ýurtlary öz kynçylyklaryny gepleşik geçirmek arkaly çözmelidirler sebäbi Amerikadyr agalyk ediji ýurtlaryň sebitiň işlerine gatyşmagyna gerek ýokdyr diýdi.
Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň metbugat wekili Seýed Huseýin Nagawi Huseýni, sebitde dartgynlylygyň azalmagynyň we kynçylyklaryň sebit ýurtlary tarapyndan çözülmeginiň gereklidigini nygtap sebit ýurtlaryň arasyndaky bütin dawalary , dartgynlylyklary we agzalalyklary, gepleşik geçirilmegi bilen çözüp bolýar we harby gatyşmalara mtäçlik ýokdyr diýip nygtady.
Pars Aýlagy sebitde bolýan her bi çaknyşykda Amerikalylar bilen Ýewropalylar milliardlarça dollar gymmaty bolýan ýaraglaryny satýarlar diýip Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň metbugat wekili Seýed Huseýin Nagawi Huseýni sözlerine goşdy.