Eýran Sionist režimiň garşysynda howpsuzlyk geňeşiň başarnyksyzlygyna tankyt bildirdi
Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň wekili Yshak Ale Habib halkara köpçüligini Sionist režimiň Palestina ülkelerinde yzarlaýan basyp alyjylykly syýasatlarynyň hereketleriniň öňüni almakda başarnyksyz bolmakda ýazgardy.
Duşenbe güni Palestina we Orta gündogaryň howpsuzlygy we barlyşygy ady bilen geçirilen Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda Ale Habib goşulmazlyk hereketiniň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramanyň wekili höküminde beren gürrüňlerinde şu mahala çenli howpsuzlyk geňeşinde Palestina meselesi barada 365 karar hat makullandy emma olaryň hiç birisi durmuşa geçirilen däldir diýip beýan etdi.
Sionist režimi käbir Günbatar döwletleriň berýän hemaýatlary bilen özüniň Palestina ülkelerindäki bikanun we basyp alyjylykly işlerini dowam edip durandyr diýip Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky sözlerine goşdy.