Waezi: Amerika, Arabystan we Sionist režimiň maksady Liwan bilen Yrak döwletlerini ejizletmekdir
Eýranyň prezidentiniň gullugynyň başlygy Mahmud Waezi Yrak bilen Liwanyň özgerişlerine yşarat edip bu ýurtlaryň döwletleriniň ejizlemekleri, Amerika, Arabystan we Sionist režimiň maksatlaryndandyr diýdi.
şu gün Eýranyň prezidentiniň gullugynyň başlygy Mahmud Waezi habarçylaryň ýygnagynda beren gürrüňlerinde duşmanlaryň hileleriniň garşysynda Yrak bilen Liwanyň ilatynyň hüşgär bolmaklarynyň gereklidigini nygtap Liwan bilen Yragyň döwletleri öz ilatynyň isleglerine üns bermelidirler we bu ýurtlaryň ilaty hem öz isleglerini bulagaýçylyga baryp çatmaýan ýagdaýda beýan etmelidirler diýdi.
Yrak bilen Liwanyň ilaty we döwletleri asudalyklaryny goramakdan aýry daşary ýurtly güýçleriň hem bu ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmagynyň öňüne geçmelidirler diýip Waezi sözlerine goşdy.