Aýatolla Mowahhedi Kermani: Yragyň kynçylyklarynyň asly sebäpkäri Amerikadyr
(last modified Fri, 01 Nov 2019 15:15:21 GMT )
Nov 01, 2019 20:15 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Mowahhedi Kermani: Yragyň kynçylyklarynyň asly sebäpkäri Amerikadyr

Tehraniň juma namazynyň hatyby Yragyň özgerişlerine yşarat edip Amerikanyň döwleti 16 ýyl bäri uruşy garamaty höküminde her günde Yragyň azyndan bir million çelek nebitini talaýar, Yragyň ykdysady kynçylyklarynyň sebäpkärleriniň birisi Amerikadyr diýdi.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani Tehraniň juma namzynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde duşmanyň, sebit ýurtlarda pursat tapyp arzaly çykyşlardan tersin haýyrlanmagyň yzynda bolýandygyny aýdyp Amerikanyň Yrakdky ilçisi gahar-gazaply işlere äşgärleýin hemaýat berip Yragyň düzgünçi güýçleriniňşol gahar-gazaply işleri kontrol etmeklerinden saklanmaklaryny isleýär diýip sözlerine goşdy.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani günbataryň howpyndan terbiýelenen Yrakdaky akymlar Kerbela bilen Basra-de jenaýat edendirler, şeýle ýagdaýda Yragyň ilaty özlerini olardan juda etmelidirler diýdi.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani Yrak ilatynyň ykdysady kynçylyklarynyň kanuny ýollan çözülmeklerini nygtapYragyň ilaty müjtehitligiň we kanuny döwletiň astynda döreden ýoluny bilýändirler we öz kynçylyklaryny çözüp başarýandyrlar diýdi.Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani Liwanyň hadysalaryna hem yşarat edip Liwan ilatynyň arzaly çykyşlarynyň asly köki döwletiň olaryň ýaşaýyş kynçylyklaryna üns bermänligidir diýdi.