Aban aýynyň 13-nji gününiň ýol ýöreşi Eýranyň boýdan başynda geçirildi
şu gün yslam Eýranda Imperializma garşy göreşiň milli günidi şonuň üçin Eýranyň boýdan başynda ilatyň dürli gatlaglarynyň şol sanda okuwçylaryň we talyplaryň hujuly gatnaşmaklarynda ýol ýöreş geçirildi.
40 ýyl mundan ozal 1358-nji ýylyň Aban aýynyň 13-nji bilen barabar 1979-nji ýylyň Noýabr aýynyň 4 güni Eýranyň ynkylapçy talyplary Amerikanyň yslam ynkylabyna garşy ýola berýän hilelerini puja çykarmak ugurda bu ýurduň Tehrandaky içalylyk merkezi bolan ilçihanasyny basyp aldylar.
şol ýyldan bäri şeýle bir gün Eýranda imperializma garşy göreşiň milli güni höküminde gadyrlanyp gelýändir.Eýran ilaty bu ýol ýöreşiň soňunda özleriniň çykaran beýannamalarynda Palestina ilatynyň,Ýemeniň Ansarolla hereketiniň,Bahreýn we Nigeriýanyň mazlum ilatlarynyň hem-de Liwanyň Hizbulla hereketiniň göreşlerinden arka çykmak bilen Amerikanyň baştutanlygyndaky imerializm toplumynyň we Amerikanyň ýaranlary,Sionistdir Saud režimleriniň ýola berip duran jenaýatlaryny ýazgardylar.
şeýle-de olar yslam ynkylabynyň belent maksatlary durmuşa geçýança Amerikadyr onuň ýaranlarynyň garşysynda çydam toplumyň göreşleriniň dowam etjekdigini nygtap Eýran ilaty Amerika döwletini adamzadyň duşmany we Ýewropanyň kä başlyklaryny hem ynam ederli bilýän däldirler diýip beýan etdiler.