Reisi:Eýran duşmanlarynyň ýola berýän hilelerine garamazdan özüniň ösüş ýolyny dowam eder
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6319-reisi_eýran_duşmanlarynyň_ýola_berýän_hilelerine_garamazdan_özüniň_ösüş_ýolyny_dowam_eder
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed ibrahim Reisi Aban aýynyň 13-nji gününiň ýol ýöreşini Eýranyň yslam ynkylabynyň ezijilige garşy bolan kimliginiň nyşany bilmek bilen duşmanlaryň ýola berip duran agyr ykdysady,syýasy we ruhy uruşyna garamazdan Eýran milleti özüniň ösüş ýolyny badly suratda dowam eder diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 04, 2019 16:51 Asia/Ashgabat
  • Reisi:Eýran duşmanlarynyň ýola berýän hilelerine garamazdan özüniň ösüş ýolyny dowam eder

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed ibrahim Reisi Aban aýynyň 13-nji gününiň ýol ýöreşini Eýranyň yslam ynkylabynyň ezijilige garşy bolan kimliginiň nyşany bilmek bilen duşmanlaryň ýola berip duran agyr ykdysady,syýasy we ruhy uruşyna garamazdan Eýran milleti özüniň ösüş ýolyny badly suratda dowam eder diýip yglan etdi.

Reisi şu gün kazyýet güýjüniň ýokary maslahatynda beren gürrüňlerinde Eýran Yslam Respublikasy geçen 40 ýyllykda imperializma garşy göreşiň baýdagyny göterip gelendir we durmuşda duşmanlaryň aýratynda Amerikanyň ýola berip duran hilelerine garamazdan sebitde we dünýäde üstün tarapydyr diýip beýan etdi.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed ibrahim Reisi şeýle-de Birleşen Milletler Guramanyň Eýranyň adam hukuk meseleleri boýunça ýörite hasabatçysy Jawid Rahmanyň Eýranyň tersine çykaran hasabatyna yşarat edip bir taraplaýyn bolan bu hasabatyň maglumatlary Eýran yslam düzgüniniň duşmanlaryndan möteber bolmadyk çeşmelerden toplanandyr şonuň üçin Jawid Rahmanyň hasabaty nä-dogrydyr diýip yglan etdi.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy şeýle-de Yragyň soňky özgerişlerine yşarat edip Eýran Yragyň soňky özgerişlerinde bu ýurduň din muştehitleriniň garaýyşlaryna hemaýat berýändir we Tehran üçin Yrak ilatynyň islegleri möhüm bolup durýandyr diýip yglan etdi.