Eýran, Yrakdaky dilomatik mekanlaryň goralmagyny nygtady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6324-eýran_yrakdaky_dilomatik_mekanlaryň_goralmagyny_nygtady
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Eýran Yslam respublikasynyň Yrakdaky diplomatik mekanlarynyň goralmagy üçin gerekli bolýan çäreleriň nazara alynmagyny isledi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Nov 05, 2019 21:25 Asia/Ashgabat
  • Eýran, Yrakdaky dilomatik mekanlaryň goralmagyny nygtady

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Eýran Yslam respublikasynyň Yrakdaky diplomatik mekanlarynyň goralmagy üçin gerekli bolýan çäreleriň nazara alynmagyny isledi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Eýranyň Kerbeladaky konsullygyna el gatylanlygyna yşarat edip diplomatik mekanlara hüjüm edilmegini ýazgardy.

Eýran Yslam Respublikasy , halkara kanunlaryň we konwensiýalaryň çarçuwasynda Yrakdaky diplomatik we konsullyk mekanlarynyň howpsuzlygynyň goralmagynyň gereklidigini nygtap şu ugurda alada bildirýänligini yglan edendir diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi sözlerine goşdy.