ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky Eýranyň jogapkärçilikleriniň azaldylmagynyň 4-nji ädimi ýola goýuldy
ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky Eýranyň jogapkärçiliklerini azaltmak ugurda Tehranyň 4-nji ädimi şu günden Fordo ýadro gurluşyklarynda ýola goýuldy.
Eýranyň atom energiýasy guramasy özüniň şu gün çykaran bildirişinde Eýranyň prezidenti we milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň buýruklary we kararlary boýunça içinde Hegza Fluraýt Uran (UF6) gazdan 2 müň kg agramy gaz bolan iki müň 800 kg agramy bolan bir sylinder halkara atom agentliginiň gözegcileriniň gözegcilik etmeklerinde Natanz-yň urany baýlaşdyrýan kärhanasyndan Gomyň golaýynda ýerleşen Fordo-nyň urany baýlaşdyrýan toplumyna getirilip bu toplumyň salonlarynyň birisinde ýerleşdirildi diýip yglan etdi.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani düýn beren gürrüňlerinde Eýranyň 4-nji ädimini yglan etmek bilen ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky bütin taraplar bilmelidirler Eýranyň ýeke özi bu ylalaşyga jogapkär galyp bilmez diýdi.
Eýranyň 4-nji ädimi hem ozalky ädimleri ýaly yza gaýdyp bolýan ädimdir egerde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky beýleki taraplar öz jogapkärçiliklerinde tapylsalar Eýran hem özüniň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirjekdir diýip prezident Ruhani aýtdy.
Eýranyň 4-nji ädiminiň çarçuwasynda şu gije Tehran wagty bilen sagat 24 Natanzyň urany baýlaşdyrýan toplumynda urany baýlaşdyrmak işi ýola goýuljakdyr.