Baeidinejaz:ýadro ylalaşygyň şowsuzlyga uçramagy dünýäniň howpsuzlygyna ýaramaz yz-gelimleri boljakdyr
Eýranyň Britaniýadaky ilçisi Hamit Baeidinejad ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň şowsuzlyga uçramagy dünýäniň howpsuzlygyna ýaramaz yz-gelimleri bolar diýip duýduryş berdi.
Eýranyň Britaniýadaky ilçisi Hamit Baeidinejad düýn Sky News habar ulgamy bilen geçiren söhbetdeşliginde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna gatnaşýan taraplar Amerikanyň bu ylalaşykdan çykmagyndan soň öz jogapkärçiliklerinde tapylyp bilmediler aýry bir tarapdan hem Eýran bu ylalaşygy goramak ugurda käbir işleri etmeli boldy diýip yglan etdi.
şol bir wagtda Amerikanyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Morgan Ortagus ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky Eýranyň jogapkärçiliklerini azaltmakda Tehranyň 4-nji ädimi ätmeginiň gaýtawulynda Tehran özüniň bu işi bilen gaty ýalňyş ýolda hereket edýändir toslady.
Waşington halkara atom energiýasy agentliginiň Eýranyň täze ýadro işleri barada berjek hasabatyna garaşýandyr diýip Morgan Ortagus aýtdy.
ýene bir habar boýunça Orsýetiň Wenadaky halkara guramalardaky wekili Mihail Ulýanow Eýranyň äden 4-nji ädiminiň gaýtawulynda beren gürrüňlerinde Eýranyň şeýle bir ädimi ätjekdigi ozaldan bellidi sebäbi Tehran her iki aýdan ýadro ylalaşykdaky öz jogapkärçiliklerini azaltjakdygyny yglan edipdi diýip beýan etdi.
Ýewropa Bileleşigi hem Eýranyň 4-nji ädiminiň gaýtawulynda çykaran beýannamasynda Eýranyň täze ädiminden howatyrlanma bildirmek bilen Tehrandan ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky öz jogapkärçiliklerine dolanmagyny isledi.