Musawi:Riýad ylalaşygy Ýemeniň kynçylygyna çäre bolup bilmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6331-musawi_riýad_ylalaşygy_Ýemeniň_kynçylygyna_çäre_bolup_bilmez
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Ýemeniň günortasyndaky kä toparlaryň bu ýurduň gudratdan gyraga giden prezidenti Mansur Hadi bilen Riýada ýeten ylalaşyklaryna gaýtawul görkezip bu ylalaşyk Ýemeniň kynçylyklaryna hiç hilli kömegi berip bilmez diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 06, 2019 13:44 Asia/Ashgabat
  • Musawi:Riýad ylalaşygy Ýemeniň kynçylygyna çäre bolup bilmez

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Ýemeniň günortasyndaky kä toparlaryň bu ýurduň gudratdan gyraga giden prezidenti Mansur Hadi bilen Riýada ýeten ylalaşyklaryna gaýtawul görkezip bu ylalaşyk Ýemeniň kynçylyklaryna hiç hilli kömegi berip bilmez diýdi.

düýn Saud Arabystanyň paýtagty Riýad şäherinde Mansur Hadi-e degişli güýçler bilen Arap Emirliklerine degişli Ýemeniň günortasynyň geçiş geňeşiniň arasynda bir ylalaşyga gol goýuldy.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi bu ylalaşyk barada beren gürrüňlerinde Riýad ylalaşygynyň maksady Arabystanyň we onuň ýaranlarynyň basyp alyjylygyny Ýemen ilatyna ykrar etdirmeklikdir diýip beýan etdi.

şol bir wagtda Ýemen ynkylabynyň ýokary komitetiniň başlygy Muhammetali Al-Husi hem Riýad oturyşlygy we hasyl bolan ylalaşygy ret etdi.

Riýada ele gelen ylalaşyk Ýemenlilere degişli däldir sebäbi bu ylalaşyga gol goýan iki tarap hem el-gatyjy Saud Bileleşiginiň adamlarydyrlar diýip Muhammetali Al-Husi aýtdy.