Ruhani:Fordo basymlykda doly suratda işini başlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6332-ruhani_fordo_basymlykda_doly_suratda_işini_başlar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Amerikanyň ýadro ylalaşygynyň iş maslahatyndan çykyp Ýewropalylaryň bu ylalaşykdaky öz jogapkärçiliklerinde tapylman durmaklaryna yşarat edip Amerika bilen onuň ýaranlarynyň alyp barýan syýasatlary üçin Fordo ýadrolyk kärhanasy basymlykda doly suratda öz işini başlar diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 06, 2019 14:04 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Fordo basymlykda doly suratda işini başlar

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Amerikanyň ýadro ylalaşygynyň iş maslahatyndan çykyp Ýewropalylaryň bu ylalaşykdaky öz jogapkärçiliklerinde tapylman durmaklaryna yşarat edip Amerika bilen onuň ýaranlarynyň alyp barýan syýasatlary üçin Fordo ýadrolyk kärhanasy basymlykda doly suratda öz işini başlar diýip yglan etdi.

prezident Ruhani şu gün özüniň Twitter sahypasynda ýazan matlabynda Eýranyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky jogapkärçiliklerini azaltmak ugurda äden 4-nji ädimi Fordodaky bir müň 44 sentrifuže şu gün gazyň berilmegi bilen ýola goýulýandyr diýip yglan etdi.

şol bir wagtda Eýranyň atom energiýasy guramasynyň metbugat wekili Behruz Kemalwandi şu gije sagat 24-de Fordodaky sentrifužlara gazyň beriljekdigini aýdyp bu sentrigužlardan aňyrsy şenbe günden takmynan ýüze 4/5 baýlaşdyrylan urany alyp bolar diýip yglan etdi.