Ruhani:Eýran milleti kesekileriň basyşlarynyň garşysyda berk durandyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýran milletine zarba urmak üçin duşmanlaryň ýola berip duran mekirli hereketlerine yşarat edip Eýran milleti kesekileriniň basyşlarynyň garşysynda berk durup boýun egmezler diýdi.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şu gün Eýranyň Ýazd welaýatynyň ilatynyň ýygnagynda beren gürrüňlerinde Eýran milletiniň her zamandan beter öz watanlaryny goramaga taýýardyklaryna salgylanmak bilen Amerikalylar olaryň basyşlarynyň garşysynda Eýranyň uly milletiniň çydam görkezip berk durjakdyklarynyň gowy bilýändirler diýdi.
prezident Ruhani şeýle-de neşir bolan ykdysady sanawlara yşarat edip Eýranyň ykdysady ýagdaýy günme gün gowlaşyp barýandyr diýmek bilen bütin basyşlara garamazdan Eýranyň nebitden bolmadyk eksporty gaty ösendir we Eýranyň ykdysady ýagdaýy hem oňatlaşandyr diýip beýan etdi.
prezident Ruhani şeýle-de 53 milliard çelek süýşürintgisi bolýan bir täze nebit meýdanyň tapylandygyna yşarat edip duşmanlar Eýran milletine zarba urmak üçin Eýranyň nebitiniň satylmagynyň öňüni almak ugurda hereket edýän mahallary Eýranly ekspertler we işçiler şeýle bir uly nebit meýdany tapandyrlar diýip beýan etdi.