Aragçi:Eýranyň maksady ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny goramaklykdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6349-aragçi_eýranyň_maksady_ýadro_ylalaşygyň_iş_maslahatyny_goramaklykdyr
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi ýadro ýaraglaryň ýaýbaňlaşdyrylmagyny gadagan edýän Moskwanyň halkara konferensiýasynda beren gürrüňlerinde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky Eýranyň jogapkärçilikleriniň azaldylmagyna yşarat edip ýadro ylalaşygyň çarçuwasyndaky Eýranyň bu işleri bu ylalaşygy ýok olmakdan goramak maksady bilen ýerine ýetirilip durandyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 10, 2019 14:46 Asia/Ashgabat
  • Aragçi:Eýranyň maksady ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny goramaklykdyr

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi ýadro ýaraglaryň ýaýbaňlaşdyrylmagyny gadagan edýän Moskwanyň halkara konferensiýasynda beren gürrüňlerinde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky Eýranyň jogapkärçilikleriniň azaldylmagyna yşarat edip ýadro ylalaşygyň çarçuwasyndaky Eýranyň bu işleri bu ylalaşygy ýok olmakdan goramak maksady bilen ýerine ýetirilip durandyr diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Aragçi ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň şeýle bir ýagdaýa uçramagynda Eýranyň ýazykly däldigini ýatladyp Amerika bu ylalaşykdan çykmagyndan soň Tehran bu ylalaşykdaky jogapkärçiliklerinde tapylmaklary üçin Ýewropalylara bir ýyl pursat berdi emma olar peýdaly işi etmediler netijede Tehran öz jogapkärçiliklerini azaltmaly boldy diýip beýan etdi.

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi Eýranyň ýadro ylalaşykdan ozal we soňra hoş niýetli we akyla laýyk amal edendigini aýtmak bilen her bir halkara ylalaşygyň dowam etmegi ähli taraplaryň jogapkär çemeleşmeklerine baglydyr diýdi.

Aragçi şeýle-de Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklaryny ykdysady uruş hasaplamak bilen häzirki dartgynlylyklara soň bermegiň ýekeje çäresi ykdysady uruşy togtatmakdyr diýip yglan etdi.