Reisi: duşmanlar hemişe musulmanlaryň arasynda agzalalyk döretmekçidir
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Ibrahim Reisi hemişe taryh boýunda yslam ymmatyň arasynda agzalalyk döretmekçi bolandyklaryny aýdyp musulmanlaryň arasynda birleşik bolmagynyň gereklidigini nygtady.
şu gün Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Ibrahim Reisi yslamyň beýik pygamberi Hezreti Muhammet(s.a) bilen Ymam Jafar Sadyk(a.s)iň doglan günleriniň ýyllygyny gutlap musulman döwletleriň we musulmanlaryň bir-birlerine ýakyn bolup birleşmegi gereklidir diýdi.
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Ibrahim Reisi Eýran Yslam respublikasynyň birleşik baýdagyny götermeginiň duşmanlary gazaba çykarandygyny aýdyp bu günki gün milletleriň we musulmanlaryň köpüsi birleşigiň bolmagyna we duşmanyň tanalmagyna ýetik bolandyrlar diýip sözlerine goşdy.