Eýran bilen Gazagystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6354-eýran_bilen_gazagystanyň_daşary_işler_ministrleriniň_duşuşygy
Eýran bilen Gazagystanyň daşary işler ministrleri Nursoltan şäherinde duşuşyp gürrüň etdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 11, 2019 18:04 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Gazagystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Eýran bilen Gazagystanyň daşary işler ministrleri Nursoltan şäherinde duşuşyp gürrüň etdiler.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen Gazagystanyň daşary işler ministri Mukhtar Tleuberdi  agşamara Gazagystanyň paýtagty Nursoltan şäherinde duşuşyp ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky özgerişleri şol sanda bu iki ýurdyň bilelikdäki komissiýasy, ykdysady we söwda hyzmatdaşlyklary, portlar we howa ýollar arkaly bolýan ýükdaşaýyş işleri, konsullyk hyzmatdaşlyklar, Astana oturylyşyklaryna goşulýan ýurtlaryň indiki maslahaty we beýleki meseleler barada gürrüň etdiler.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Astana klubynyň ýyllyk maslahatyna gatnaşmak we gazagystanyň resmileri bilen duşuşyp gürrüň etmek üçin şu gün bu ýurda sapar etdi.