Musawi:Sionist basyp alyjylar jezalandyrylmalydyrlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6371-musawi_sionist_basyp_alyjylar_jezalandyrylmalydyrlar
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Sionist režimiň Gazza zolagyna hüjüm edip Palestinanyň yslam Jihad hereketiniň serkerdelerinden bolan Beha Abu Al-Atany şehit etmeklerini ýazgardy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 12, 2019 19:41 Asia/Ashgabat
  • Musawi:Sionist basyp alyjylar jezalandyrylmalydyrlar

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Sionist režimiň Gazza zolagyna hüjüm edip Palestinanyň yslam Jihad hereketiniň serkerdelerinden bolan Beha Abu Al-Atany şehit etmeklerini ýazgardy.

Seýed Abbas Musawi Sionist basyp alyjylaryň uruş jenaýatkärleri höküminde suda çekilip jezalandyrylmaklaryny nygtady.

Musawi Palestina ilatynyň gahramançylykly çydamyny öwgä laýyk bilmek bilen Palestina ilatynyň ýekeçe çykalgasyny Sionist basyp alyjylaryň garşysynda durup göreşi dowam etmekde bildi.

Sionist režimiň harby uçarlary şu ertir bilen Gazza zolagyna hüjüm edip 5 Palestinalyny şol sanda Beha Abu Al-Atany şehit ýene 24 Palestinalyny ýaraly etdiler.

şol bir wagtda Palestinaly toparlar Sionist režimiň bu hüjüminiň gaýtawulynda 160 raketa bilen basylyp alynan Palestinanyň Sionist oturymly sebitlerini şol sanda Sedirut we Asgalan şäherçelerini we Tel-Awiw şäherini hüjüm astyna aldylar.munuň yzy bilen Sionist režiminiň uruş ministri Neftaly Benet Gazza zolagynyň 80 km-liginde ýerleşen sebitleriň käbirisinde adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.