Ruhani: musulmanlaryň gutulmagynyň ýoly yslam pygamberine eýermekdedi
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Amerika, Sionist režim we sebitiň garaşly döwletleriniň elgatyjylyklarynyň we musulmanlaryň arasynda agzalalyk döretmek ugrunda edýän tagallalarynyň garşysynda musulmanlaryň gutulyş ýollaryny yslamyň beýik pygamberi hezreti Muhammet(a.s)-e eýermegi bildi.
şu gün Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Yslam Birleşik Konferensiýa goşulan myhmanlaryň. musulman ýurtlaryň ilçileriniň we ilatyň dürli gatlaklarynyň bir toparynyň, yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri bilen geçiren duşuşygynda beren gürrüňlerinde yslam dünýäsiniň birleşikde we doganlykda birek-biregiň ýanynda bolup dürli zulumlaryň we elgatyjylyklaryň garşysynda uly ýeňişe ýetmegini umyt etdi.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň sebitdäki ornaýşyna yşarat edip Eýranyň sebitdäki ornaýşy gudrat, harby we ylmy başarjaňlyklar ýada strategik orun-mertebesi üçin däldir eýsem yslam ynkylabynyň çakylygy üçin we ýürekleri özüne tarap çekýänligi üçindir diýdi.