Musawi:terrorizmi döreden ýurtlar özleriniň bejeren kynçylyklaryny Eýrana ýapmasynlar
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Manama maslahatyna gatnaşan taraplaryň şol sanda Saud Arabystan bilen Arap Emirlikleriň daşary işler boýunça geňeşçi ministrleriniň Eýran barada aýdan gürrüňlerini boş toslamalar hasaplap olaryň Eýrana bildiren aýyplamalaryny ret etdi.
şenbe güni Saud Arabystan bilen Birleşen Arap emirlikleriniň daşary işler boýunça geňeşçi ministrleri Manamanyň 15-nji howpsuzlyk maslahatynda Eýrany sebitde ýaramaz işleri ýola goýmakda aýypladylar.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi bu sözleriň gaýtawulynda terrorizmi we ekstremizmi döredip hoş niýetli goňşyçylyk usulynyň tersine goňşy ýurtlaryň içeri işlerine goşulýan we kesekileriň sebite huzurly bolmaklaryna şert döretýän döwletler Eýrany aýyplap bilmezler diýdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili şeýle-de bu ýurtlary wehimden çykmaklyga we hakykaty kabul etmeklige we sebitiň howpsuzlygyny üpjün etmek ugurda toparlaýyn arkalaşyga çagyrdy.