Musawi: Amerikaly resmileriň Eýranyň içeri işlerine gatyşmagy hoşniýetlilik ýüzünden däldir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6422-musawi_amerikaly_resmileriň_eýranyň_içeri_işlerine_gatyşmagy_hoşniýetlilik_ýüzünden_däldir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi soňky wagtlarda Eýranda ýüze çykan aramsyzlyklar baradaky Amerikaly resmileriň aýdan gürrüňleri Eýran milleti bilen dostluk ýada hoşniýetlilik ýüzünden däldir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 25, 2019 16:51 Asia/Ashgabat
  • Musawi: Amerikaly resmileriň Eýranyň içeri işlerine gatyşmagy hoşniýetlilik ýüzünden däldir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi soňky wagtlarda Eýranda ýüze çykan aramsyzlyklar baradaky Amerikaly resmileriň aýdan gürrüňleri Eýran milleti bilen dostluk ýada hoşniýetlilik ýüzünden däldir diýdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi  habarçylaryň arasynda eden çykyşynda soňky wagtlarda Eýranyň käbir şäherlerinde ýüze çykan ýaramaz wakalara yşarat edip bu wakalardan ýaramazrak zat kesekileriň Eýranyň içeri işlerine gatyşmagydyr diýip nygtady,

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi s şeýle-de arza gozgamak milletiň hakydyr we bu mesele barada baş kanunda rugsat berilendir diýmek bilen gozgalaňçylaryň we başbozarlyk edýänleriň hasaby başgaçadyr we gozgalaňçylary goldaýan ýurtlar bu hereketiň jogapkärçiligini boýun almalydyrlar diýip beýan etdi.