Musawi: Amerikaly resmileriň Eýranyň içeri işlerine gatyşmagy hoşniýetlilik ýüzünden däldir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi soňky wagtlarda Eýranda ýüze çykan aramsyzlyklar baradaky Amerikaly resmileriň aýdan gürrüňleri Eýran milleti bilen dostluk ýada hoşniýetlilik ýüzünden däldir diýdi.
şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi habarçylaryň arasynda eden çykyşynda soňky wagtlarda Eýranyň käbir şäherlerinde ýüze çykan ýaramaz wakalara yşarat edip bu wakalardan ýaramazrak zat kesekileriň Eýranyň içeri işlerine gatyşmagydyr diýip nygtady,
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi s şeýle-de arza gozgamak milletiň hakydyr we bu mesele barada baş kanunda rugsat berilendir diýmek bilen gozgalaňçylaryň we başbozarlyk edýänleriň hasaby başgaçadyr we gozgalaňçylary goldaýan ýurtlar bu hereketiň jogapkärçiligini boýun almalydyrlar diýip beýan etdi.