Norwegiýada Guranyň otlanylmagyndan soň Eýran Norwegiýa döwletine arzaly boldy
Norwegiýada SIAN adly bir ekstremist toparyň başlygy tarapyndan mukaddes Guran kitabynyň otlanylmagyndan soň Eýranyň daşary işler ministrligi Norwegiýanyň Tehrandaky ilçisiniň ýoklygynda bu ilçihananyň jogapkärini Eýranyň daşary işler ministrligine çagyrdy.
şu gün Eýranyň daşary işler ministrligi ýaňky Norwegiýaly adamyň işine Eýranyň berk arzalydygyny Norwegiýanyň Tehrandaky ilçihanasynyň işleri ynanylan jogapkäriniň gulagyna ýetirmek bilen bir wagtda bu hilli howply işleriň yz-gelimleri barada duýduryş berdi.
Eýranyň daşary işler ministrligi şeýle-de Norwegiýanyň Kristýan Sand şäherinde Guran kerimiň otlanylmagy dünýä musulmanlarynyň duýgylaryna zarba urandygyna yşarat etmek bilen beýan azatlygy bahanasy bilen dünýädäki bir ýarym milliard musulmanyň ynam ygtygatlaryna hormatsyzlyk edip bolmaz diýdi.
Norwegiýanyň Tehrandaky ilçihanasynyň işleri ynanylan jogapkäri hem Eýran Yslam Respublikasynyň arzasyny öz döwletine ýetirjekdigini yglan edip Norwegiýa döwleti bu ýurtda ýaşaýan musulmanlaryň howpsuzlygyny goramakda özüni jogapkär bilýändir diýip yglan etdi.