Musawi:Yrak döwleti Najaf şäherindäki Eýranyň konsulhanasyna edilen hüjüme jogapkärçilikli çemeleşmelidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6436-musawi_yrak_döwleti_najaf_şäherindäki_eýranyň_konsulhanasyna_edilen_hüjüme_jogapkärçilikli_çemeleşmelidir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Yragyň Najaf şäherindäki Eýranyň konsulhanasyna edilen hüjümi ýazgarmak bilen Yrak döwletiniň bu hüjümi ýola beren adamlara berk çemeleşmegini isledi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 28, 2019 14:25 Asia/Ashgabat
  • Musawi:Yrak döwleti Najaf şäherindäki Eýranyň konsulhanasyna edilen hüjüme jogapkärçilikli çemeleşmelidir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Yragyň Najaf şäherindäki Eýranyň konsulhanasyna edilen hüjümi ýazgarmak bilen Yrak döwletiniň bu hüjümi ýola beren adamlara berk çemeleşmegini isledi.

öten agşam ýüzleri basyran bozgakçylaryň bir topary  Yrakda dowam edýän protestleriň bahanasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Najafdaky konsulhanasyna hüjüm edip bu mekanyň käbir böleklerini otladylar.bu hüjüm bilen baglanşykda Eýranyň arzasy resmi tärde Yragyň Tehrandaky ilçisine gowşuryldy diýip Musawi aýtdy.

şol bir wagtda Yragyň daşary işler ministrligi hem bozgakçylaryň Yrak bilen Eýranyň gadymy we taryhy ara baglanşyklaryna zarba urmak maksady bilen Najafdaky Eýranyň konsulhanasyna eden hüjümlerini ýazgardy.

Yragyň premýer ministri Adel Abdolmehdi hem bu hüjümi ýazgaryp ilatyň protestleriniň gidişinde bozgakçylar ýaramaz işlere baş goşandyrlar we döwlet bolsa hakykaty derňemek üçin bir komiteti borçly edendir diýip yglan etdi.