serdar Salami:Eýran durmuşda dünýäde parlap durandyr
yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüniň ýokary serkerdesi serleşger Huseýin Salami şu gün Eýranyň Hamedan welaýatynyň Basijileriniň ýygnagynda beren gürrüňlerinde durmuşda Eýran yslam Respublikasy syýasy özgerişleriň merkezinde ýerleşendir we ýagdaýy doly kontrol etmek bilen dünýäniň ýüzünde ýyldyz ýaly parlap durandyr diýip beýan etdi.
serdar Salami Eýranyň hüşgär milleti garaşsyzlykdan aýry hiç bir maslahaty maslahaty kabul etmez diýmek bilen duşman ykdysady uruşy ýola berip Eýran milletini özüne boýun etmegiň aladasyny etdi we gadaganlyklar bilen Eýran milleti dyza çöker diýen gumanda boldy emma Eýran milletinden ýeňildi diýip sözlerine goşdy.
Eýran milleti duşmanlary indi her bir derejede kuwwatly hem bolsada ýeňmekde ussatdyr diýip serdar Salami aýtdy.
Salami şeýle-de durmuşda Amerikanyň ugurynyň çaşandygyna yşarat edip Amerikanyň syýasy düzgüni milletleri kiçeltmek we yzda saklamak esasynda bina bolandyr oňa görä bu ýurt bilen arkalaşmak bilen ösüp öne gidip bolmaz diýip yglan etdi.