serleşger Bageri:Eýranyň kuwwatlylygy Pars aýlag sebitiniň howpsuzlyk sütünidir
Nov 28, 2019 19:36 Asia/Ashgabat
Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýokary ştabynyň başlygy serleşger Muhammet Bageri Eýranyň goranyş kuwwatlylygyny Pars aýlag sebitiniň durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň sütüni bildi.
Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýokary ştabynyň başlygy serleşger Muhammet Bageri şu gün Eýran goşunynyň deňiz güýjne degişli gününiň gelip ýetmegi mynasybetli beren gutlag sargydynda şübhesiz Eýranyň deňiz güýçleriniň serhet aşa we halkara suwlarda bir üstem gudrat höküminde huzurly bolmaklary Eýran milletiniň we düzgüniniň bähbitlerini goramakda bu güýjüň başarnygynyň bir görnüşidir diýip ynam bildirdi.
Noýabr aýynyň 28-nji güni bilen deň gelýän Azär aýynyň 7-si Eýran goşunynyň deňiz güýji güni atlandyrlandyr.