Saud režimine degişli Eýran Internaşnal tele ýaýlymynyň adamlary Eýranda gola salyndylar
Eýranyň aňtaw ministrligi özüniň ýaýradan bildirişinde Saud režimine degişli Eýran Internaşnal tele ýaýlymyna bagly adamlaryň bir näçesiniň gola salynandygyny habar berdi.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Saud režiminiň haslan býujeti bilen dolandyrylýan Eýran Internaşnal tele ýaýlymy edil pars dilinde gepleşik berýän BBC ýaly Eýranyň soňky wakalarynda we bulagaýçylyklarynda bozgakçylary umumy mekanlary otlap umumy baýlyklara zarba urmaklyga şowklandyryp Eýranyň dürli şäherlerinde ýüze çykan wakalary ulaldyp habar ýaýradandyr diýlip Eýranyň aňtaw ministrliginiň ýaňky hasabatynda getirilýär.
Eýranyň aňtaw ministrligi bu ulgamyň we onuň işgärleriniň eden işlerini Eýran Yslam Respublikasynyň duşmanlary bilen arkalaşmaklyk höküminde bilip şu esasda olaryň Eýranda söwda işleri edip bilmeklerini gadagan we bu ulgamyň işgärleriniň Eýrandaky mal mülklerini doňdurmak ýada döwletiň hasabyna eýelenmek barada höküm çykarylandyr we bu adamlar halkara guramalaryň üsti bilen yzarlanyp soraga çekiljekdirler diýilip bu bildirişiň dowamynda getirilýär.