Ardakaniýan: Eýran, Ýewraziýa üçin ynamly hyzmatdaşdyr
Eýranyň güýç ministri Reza Ardakaniýan, Eýran Yslam respublikasy Pars Aýlagyň ýakasyndaky ýurtlaryň arasynda gatnaşyk bolmagy ýolunda ýerleşenligi babatly, Ýewraziýa üçin ynamly we mynasyp şärik bolup bilýär diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Eýranyň güýç ministri Reza Ardakaniýan, şu gün Ýewraziýa bilen söwdalaşyk adyndaky ýygnakda beren gürrüňlerinde Eýran bilen Ýewraziýa näçe ýyl gepleşik geçirmeklerinden soňra üstümizdäki aprel aýynda erkin söwdanyň wagtlaýyn karar hatyna gol çekip başardylar we ony 3 ýyl synag höküminde ýerine ýetirmeklerinden soňra bu karar hata hemişelik üçin gol çekmek ugurda tagalla edýändirler diýdi.
Eýranyň güýç ministri Reza Ardakaniýan, goňşy ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini Eýranyň daşary syýasatynyň başynda bilip Ýewraziýa bileleşigi soňky on ýyllykda sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň gowy ülňüsi bolandyr diýip sözlerine goşdy.