Jahangiri:Amerikalylar Eýranyň eksport edýän nebitini nola ýetirip bilen däldirler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6461-jahangiri_amerikalylar_eýranyň_eksport_edýän_nebitini_nola_ýetirip_bilen_däldirler
Eýran Yslam Respublikasynyň birinji orunbasary Yshak Jahangiri Amerikalylaryň berýän basyşlaryna garamazdan Waşington Eýranyň eksport edýän nebitini nola ýetirip bilen däldirler diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 02, 2019 14:29 Asia/Ashgabat
  • Jahangiri:Amerikalylar Eýranyň eksport edýän nebitini nola ýetirip bilen däldirler

Eýran Yslam Respublikasynyň birinji orunbasary Yshak Jahangiri Amerikalylaryň berýän basyşlaryna garamazdan Waşington Eýranyň eksport edýän nebitini nola ýetirip bilen däldirler diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýran Yslam Respublikasynyň birinji orunbasary Yshak Jahangiri geçen iki ýyllykdaky Amerikanyň basyşlaryna Eýranyň çydam görkezendigine yşarat edip Eýran özüniň nebitini başga şiweler bilen satuwa çykarýandyr diýip yglan etdi.

Jahangiri şeýle-de Amerikalylar,Saudylar we Sionistler Eýrana zarba urmagyň yzyndadyrlar diýmek bilen Eýran duşmanlarynyň döretýän howplaryny pursata öwürmegi başarýandyr diýip beýan etdi.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylyň Maý aýynda bikanun bir hereketde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykyp Eýrana garşy gadaganlyklary gaýtadan ýola berip başlady.