Şamhani:sebitleýin bileleşikler bilen sebitiň howpsuzlygyna kepil geçip bolar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6463-Şamhani_sebitleýin_bileleşikler_bilen_sebitiň_howpsuzlygyna_kepil_geçip_bolar
Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani şu gün Tehrana sapar eden Omanyň daşary işler ministri Ýusup Bin Alawiň duşuşygynda kesekileriň dahylçylyk etmezliklerinde sebitleýin bileleşik bilen sebitiň howpsuzlygyny üpjün edip bolar diýip ynam bildirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 02, 2019 16:02 Asia/Ashgabat
  • Şamhani:sebitleýin bileleşikler bilen sebitiň howpsuzlygyna kepil geçip bolar

Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani şu gün Tehrana sapar eden Omanyň daşary işler ministri Ýusup Bin Alawiň duşuşygynda kesekileriň dahylçylyk etmezliklerinde sebitleýin bileleşik bilen sebitiň howpsuzlygyny üpjün edip bolar diýip ynam bildirdi.

Şamhani bu duşuşykda Amerikanyň Pars aýlagyň howpsuzlygyny bahanalap bu sebitde bir halkara bileleşigi döretmek ugurda edýän tagallalaryna yşarat edip dürli uruşlary ýola berip terrorizmi ýaýbaňlaşdyran we sebiti bulagaýçylyga iteren ýurtlar diňe öz bähbitleriniň we sebiti talamagyň yzyndadyrlar diýip beýan etdi.

bu duşuşykda Omanyň daşary işler ministri Ýusup Bin Alawi hem sebit we halkara meseleleri barada Tehran bilen Maskatyň usula laýyk pozisiýalaryny nygtap sebitde igenşigiň bolmagy Pars aýlag ýurtlaryň hiç birisiniň bähbidine däldir diýip nygtady.

Bin Alawi sebitde durnukly howpsuzlygyň berkarar bolmagy ugurda sebit ýurtlaryň arasyndaky düşünişmezlikleriň aradan aýrylyp ýurtlaryň arasynda ylalaşygyň berkarar bolmagyny derwaýys bilip Oman sebit ýurtlaryň arasyndaky dawalary aradan aýyryp olaryň söhbetdeş bolmaklary ugurynda özüniň erkindäki bütin mümkinçilikleri işe almaga taýýardyr diýip yglan etdi.