Ruhani: günbatar aziýadaky ýurtlar sebitiň howpsuzlygy ugurda işjeň gatnaşmalydyrlar
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani günbatar aziýadaky ýurtlaryň sebitiň howpsuzlygyny berkarar etmek ugurda işjeň gatnaşmagyny nygtamak bilen Eýran u ugurda Hormoz adyndaky ýaraş taslamasyny ileri sürendir diýdi.
şu gün prezident Hasan Ruhani Tehranda Omanyň daşary işler ministri Ýusef Bin Alawi bilen geçiren duşuşygynda sebit ýurtlaryň we milletleriň arasynda doganlyk we dostlyk bolmagyndan başga ýolyň ýokdygyny nygtap hyzmatdaşlyklaryň artdyrylmagy bilen sebitde yl;aýtada Pars Aýlagydyr Hormoz Bogazynda howpsuzlyk berkarar edilmelidir we kesekileriň gatyşmagyna rugsat berilmeli däldir diýdi.
Ruhani ýemeniň dartgynlylygyny hem sebitiň möhüm kynçylyklaryndan bilip Ýemen urşynyň weýrançylyk, ilatyň ölmegi, kine döremegi we ýemeniň toprak bitewiligine howp abanmagyndan başga hiç bir netijesi bolan däldir diýip sözlerine goşdy.
Omanyň daşary işler ministri Ýusef Bin Alawi hem Eýran bilen Omanyň gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini, sebitiň bütin ýurtlarynyňbähbitleri ugrunda bilipHormozyň ýaraş çäresi diýlen taslamanyň Eýran tarapyndan ileri sürülmegi şeksiz sebit ýurtlaryň peýdasyna boljakdyr diýdi.