Hytaý goşunynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň orunbasary Serleşger Bageri bilen duşuşdy
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy Serleşger Muhammet Bageri Eýran bilen Hytaýyň 25 ýyllyk gatnaşyklar strategiýasynyň senediniň taýýarlanylmagyny habar berdi.
şu gün Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy Serleşger Muhammet Bageri Tehranda Hytaý goşunynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň orunbasary General Shaoyuan Ming bilen geçiren duşuşygynda iki ýurdyň özara gatnaşyklaryny ösdürmekde mydamlyk yradalarynyň bardygyny nygtap beýleki ýurtlaryň syýasatlary we boluşlary Tehran-Pekiniň gatnaşyklaryna täsir galdyrjak däldir diýdi.
Hytaý goşunynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň orunbasary General Shaoyuan Ming hem Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy Serleşger Muhammet Bageriniň soňky wagtlarda Hytaýa eden saparyna yşarat edip şol sapar iki ýurdyň ýaragly güýçleriniň hyzmatdaşlyklarynyň düýbini tutandyr diýdi.
Hytaý goşunynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň orunbasary General Shaoyuan Ming Eýran bilen Hytaýyň ýaragly güýçleriniň bilelikdäki harby komissiýasynyň 2-nji maslahatyna gatnaşmak üçin ýokary derejeli harby topara ýolbaşçylyk edip Tehrana geldi.