Bageri:sebit gudratlary Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň dostlukly gatnaşyklaryny görüp bilýän däldirler
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy serleşger Muhammet Bageri sebit gudratlary Eýran bilen Azerbaýjan respublikasynyň dostlukly gatnaşyklaryny görüp bilýän däldirler diýip yglan etdi.
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy serleşger Muhammet Bageri şu gün Tehranda Azerbaýjan Respublikasynyň premýer ministrniň orunbasary Şahin Mustafaýewiň duşuşygynda beren gürrüňlerinde iki ýurduň milletleriniň we goşun güýçleriniň dostlukly arabaglanşyklary Eýran Yslam Respublikasynyň strategik maksatlarynyň başynda durýan meselelerdendir diýip yglan etdi.
bu duşuşykda Azerbaýjan Respublikasynyň premýer ministrniň orunbasary Şahin Mustafaýew hem Eýranyň Azerbaýjan Respublikasyna hoş niýetli çemeleşmegini meňzeş taryhdan we medeniýetden paýly bolan iki goňşy we dost ýurduň aragatnaşyklarynyň ösmegine sebäpkär bildi.