Eýran Birleşen Milletler Guramanyň adam hukuk komisariýasynyň toslamalaryny ret etdi
Eýranyň kazyýet güýjüniň adam hukuk ştaby Eýranyň soňky bulagaýçylyklary barada Birleşen Milletler Guramanyň adam hukuk komisariýasynyň toslamalaryny ret etmek bilen Aziýanyň günbatar sebitinde Eýran iň uly demokratiýa eýedir diýdi.
Eýran ilaty Eýranda ýüze çykan arzaly çykyşlary bulagaýçylyga we bozgunçylyga öwürmek ugurda Amerikaly resmileriň şol sanda bu ýurduň daşary işler ministri Mike Pompeonyň eden tagallalaryny Birleşen Milletler Guramanyň ýokary adam hukuk komisariýasynyň metbugat wekili ýazgarar diýen tamadadylar diýip Eýranyň kazyýet güýjüniň adam hukuk ştaby özüniň çykaran beýannamasynda yglan etdi.
bu beýannamada şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy parahatçylykly protestleri ykrar edýändir ýöne Amerikanyň we kä ýurtlaryň täsiri astynda umumy baýlyklara,banklara we beýleki mekanlara hüjüm edip olary otlan we ýazyksyz ilaty öldüren ýaragly bozgunçylaryň hasaby parahatçylykly protestleri geçiren ilatdan jydadyr diýip yglan bolandyr.
Eýranyň kazyýet güýjüniň adam hukuk ştaby şeýle-de Birleşen Milletler Guramanyň adam hukuk komisariýasynyň metbugat wekilinden we käbir ýörite hasabatçylardan howlukmaçlyk ýüzünden Eýran milletiniň duşmanlarynyň media serişdeleriniň ýaýratýan nädogry habarlaryna esaslanmakdan saklanmaklaryny isledi.