Aragçi: Hormoz çäresisebit menjeşiklerini azaltmak ugrundadyr
Eýranyň daşary işler ministrliginiň syýasy orunbasary Seýed Abbas Aragçi şu gün Kuweýtiň daşary işler ministrliginiň oruntutary Halid Jar Alla-nyň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Eýran yslam respublikasynyň, sebit ýurtlary bilen saklaýan gatnaşyklaryny ösdürip berkitmekde berk yradalydygyny nygtady.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň syýasy orunbasary Seýed Abbas Aragçi Eýran, howpsuzlygyň berkarar bolmagy üçin sebit ýurtlaryň bilelikde hyzmatdaşlyk etmeklerini nygtaýar we şeýle hyzmatdaşlyklaryň bolmagy we kynçylyklaryň çözülmegi üçin gepleşik geçirilmegini ýekeje ýol bilýär diýip sözlerine goşdy.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň syýasy orunbasary Seýed Abbas Aragçi Eýranyň döwlet baştutanynyň Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagynda ara atan Hormoziň ýaraş çäresi diýen taslamanyň maksatlaryny açyklap bu taslama ýaraş we durnuklylygyň berkidilmegi we ikitaraplaýyn hemde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň bolmagy ugrunda sebit ýurtlaryna amatly çarçuwadyr diýip beýan etdi.