Abutorabi Fard:Amerikanyň gadaganlyklaryna garamazdan Eýranyň söwda balansy üýtgeşikdir
Tehranyň wagtlaýyn juma ymamy bu günki gün Eýran ylmy we tehnologiýa örilerinde özüni dünýäde tanadandyr we Amerikanyň ýola berip duran gadaganlyklaryna garamazdan durmuşda Eýranyň söwda balansy üýtgeşikdir diýdi.
Seýed Muhammet Hasan Abutorabi Fard şu gün Tehranyň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Eýranyň Amerikanyň garşysynda durmagy ylym- bilimiň ugurynda hereket etmeklik, döwrebap tehnologiýalary döredip kuwwatly Eýran ýurduny bejermeklik we ilatyň ýyllyk girdejisini iň ýokary derejä ýetirmeklik manysyndadyr bu zat bolsa döwrebap tehnologiýalar bilen we ylmy ykdysatlaşdyrmak bilen mümkin boljakdyr diýip beýan etdi.
Tehranyň wagtlaýyn juma ymamy sözleriniň dowamynda Eýranda benziniň bahasynyň düzeldilmegine yşarat edip ýurduň görnükli ylmy we syýasy şahsyýetleriniň ugurdaş bolup Eýranyň beýik milletiniň hemaýatlary bilen milli kuwwatlylygyň we jebisligiň ýol naňşasy bolup biljek bu uly taslama kesekileriň aňtaw we içalylyk serwisleriniň ýaramaz peýdalanmaklary üçin bir bahana öwürilmeli däldir diýip belläp geçdi.
soňky wakalarda zyýan gören içeri maşgalalaryň kynçylyklaryna ýetişiklik etmeklik jogapkärleriň gün tertibinde ýerleşdirilmelidir diýip Tehranyň wagtlaýyn juma ymamy Abutorabi Fard aýtdy.