1399-nji ýylyň býujet taslamasy Eýranyň mejlisiniň erkinde goýuldy
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani 1399-nji ýylyň býujet taslamasyny şu gün Yslam Şura mejlisine gowşurdy.
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün bu býujet taslamasyny mejlisiň erkinde goýan mahaly habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde geljek ýyldaky ýurduň býujet taslamasynyň gadaganlyklar bilen garşylaşmak ugurda çydam býujet boljakdygyny aýdyp duşmanlar Eýranyň ykdysadyýetini dyza çökertmekde şowsuzlyga uçrandyrlar diýdi.
duşmanlar gadaganlyklary güýjürgetmek bilen Eýran milletini numyt edip döwleti hem taslamalaryny ýerine ýetirmekden alyp galjak boldylar emma olaryň özleri şowsuzlyga uçrap numyt bolandyrlar diýip prezident Ruhani aýtdy.
Eýran döwleti ilatyň we yslam şura mejlisiniň islegleri esasynda hereket edip iri ykdysady taslamalary ýerine ýetirmekde uly ädimleri ädendir we indi ýurt ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda hereket edýändir diýip prezident Ruhani aýtdy.
geljek ýyl Eýranyň ykdysadyýeti nebite bagna bolmazdan ykdysady ösüşde noldan ýokaryny tejribe eder diýip Eýranyň prezidenti sözlerine goşdy.