16 müň adam Eýranyň mejlisiniň saýlowlaryna dalaşgär çykdylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6500-16_müň_adam_eýranyň_mejlisiniň_saýlowlaryna_dalaşgär_çykdylar
Eýranyň saýlowçylyk ştabynyň başlygy Jemal Orf ýurduň mejlisiniň saýlowlaryna 16 müňden eýräk adamyň at ýazdyrandyklaryny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 08, 2019 15:45 Asia/Ashgabat
  • 16 müň adam Eýranyň mejlisiniň saýlowlaryna dalaşgär çykdylar

Eýranyň saýlowçylyk ştabynyň başlygy Jemal Orf ýurduň mejlisiniň saýlowlaryna 16 müňden eýräk adamyň at ýazdyrandyklaryny habar berdi.

Eýranyň saýlowçylyk ştabynyň başlygy Jemal Orf bu habary yglan etmek bilen dalaşgärleriň at ýazdyrmaklary gutarandyr we ýygnakda 15 müň 618 adamyň at ýazdyryş işi sistemada hasaba alynandyr galanlary hem hasaba alynany soň at ýazdyran adamlaryň sany 16 müň 145 adama ýetjekdir diýip yglan etdi.

yslam şura mejlisine at ýazdyran adamlaryň 88 göterimi erkekdir we galan 12 göterimi bolsa zenandyrlar diýip Orf sözlerine goşdy.

Eýranyň saýlowçylyk ştabynyň başlygy şeýle-de deputatlyga dalaşgär çykanlaryň kesarlygy barada gürrüň gozgap,şu günden Eýranyň mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär çykan adamlaryň kesarlygy barada barlag işleriniň başlanjakdygyny yglan etdi.