Kamalwandi: Eýran, ýokary ýadro ylymyna eýedir
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň metbugat wekili Behruz Kamalwandi Eýran Yslam respublikasynyň ýadro ösüşlerine yşarat edip Eýran, ýokary ýadro bilimine üns berip şu ugurdaky ösüşlerini dowam edýär diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Eýranyň atom energiýasy guramasynyň metbugat wekili Behruz Kamalwandi, Fordo saýtynda radioizotop-laryň öndürilmeginde Orsýetiň edýän hyzmatdaşlygynyň togtamagyndan gürrüň gozgap tehniki taýdan izotop öndürilýän mekanda uran baýlaşdyrylmaly däldir şonuň üçin Orsýet bilen geçirlen gepleşiklerde bu hyzmatdaşlygyň tehniki öride dowam etmegi üçin başga bir näçe çäre teklip edildi diýdi.
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň metbugat wekili Behruz Kamalwandi, izotop öndürmek proýektinde Amerikanyň gadaganlyklaryndan halas bolmaklygyňwagtynyň uzaklaşdyrylmanlygy üçin ruslaryň bu işden çykmajakdygyny aýdyp ýene bir näçe ýyldan gutarýan proýektde 11 hilinden bolýan izotop öndüriljekdir diýip sözlerine goşdy.