Musawi:Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklary adam zada garşy jenaýatdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6531-musawi_amerikanyň_eýrana_garşy_gadaganlyklary_adam_zada_garşy_jenaýatdyr
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Amerikanyň Eýranyň tersine ýola berip duran gadaganlyklary adam zada garşy jenaýatyň we ykdysady terrorizmiň bir görnüşi bildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 14, 2019 13:36 Asia/Ashgabat
  • Musawi:Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklary adam zada garşy jenaýatdyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Amerikanyň Eýranyň tersine ýola berip duran gadaganlyklary adam zada garşy jenaýatyň we ykdysady terrorizmiň bir görnüşi bildi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şu gün Tabriz şäherinde bir habar konferensiýada beren gürrüňlerinde Eýranyň daşary ýurtlardan dewa derman satyn alyp bilmegi barada Amerikalylaryň aýtýan gürrüňlerini ret edip bir şereket gelip-de daşary ýurtlardan Eýrana dewa derman geçirjek bolsa ol şereket bankyň üsti bilen pul geçirmekde kynçylyga uçraýar diýip yglan etdi.

Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklary adam hukukynyň we halkara kanunlaryň tersinedir diýip Seýed Abbas Musawi aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Eýranyň prezidenti Hasan Ruhaniň basymlykda Ýaponiýa ýurduna etjek saparyna yşarat edip ýaponiýa döwleti igenşikleri azaltmak maksady bilen kä çäreleri öňe sürendir prezident Ruani Ýaponiýa saparynda Tokio bilen Tehranyň gowy netijelere ýetmeklerini umyt edýäris diýip sözlerine goşdy.

Musawi şeýle-de Britaniýanyň parlament saýlawlarynyň netijelerine yşarat edip bu ýurduň täze döwletiniň Ýewropa Bileleşigi,Germaniýa,Fransiýa,Orsýet we Hytaýyň hemralyk etmegi bilen ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky öz borçlarynda tapylmagyny umyt etdi.