Musawi:Eýran gahar gazapsyz dünýäniň yzyndadyr
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Eýran Yslam Respublikasy gahar gazapsyz we ekstremizmsyz dünýäniň yzyndadyr diýmek bilen jahanlylaryň hem Eýran ýaly gahar gazapsyz dünýäniň yzynda bolmagyny umyt etdi.
şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi habar konferensiýada beren gürrüňlerinde 18-nji Dekabr bilen deň gelýän gahar gazapsyz we ekstremizmsyz jahanlyk gününe yşarat edip Saudylar özleriniň iki hilli boluşlaryndan saklanyp Eýranyň bu ýurda we sebit ýurtlaryna uzadyp duran dostluk elini garşy almalydyrlar diýdi.
Musawi şeýle-de Eýranyň ileri süren Hormoz barlşygy taslamasyna yşarat edip Saudylar bilip goýsynlar kesekileri sebite çagyrmak we ýarag ammarlamak bilen Aziýanyň günbatar sebitinde howpsyzlygy döredip bolmaz diýip yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili şeýle-de Eýranyň üçlik adalary bolan Uly we Kiçi Tonb we Bu-musa adalary barada käbir arap döwletleriň puç toslamalary hakda gürrüň gozgap bu ýurtlar öz esassyz toslamalaryndan el çeksinler sebäbi bu toslamalar hakykaty üýtgedip başarmaz diýdi.
Musawi sözüniň dowamynda Eýranyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky jogapkärçiliklerini azaltmagy hem-de bu ylalaşykda Ýewropalylaryň öz borçlarynda tapylmazlygy barda gürrüň gozgap Ýewropalylar galan pursatda çyllakay suratda öz borçlarynda tapylmak meselesine oýlansynlar diýdi.