Rabiei:Amerika sessiz uruşy bilen Eýranlylaryň ýaşaýyşyna zarba urmagyň yzyndadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6552-rabiei_amerika_sessiz_uruşy_bilen_eýranlylaryň_ýaşaýyşyna_zarba_urmagyň_yzyndadyr
Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei Amerikanyň Eýran milletine garşy ýola berip duran duşmançylykly gadaganlyklaryna yşarat edip Amerika sessiz uruşy bilen Eýranlylaryň ýaşaýyşyna zarba urmagyň yzyndadyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 16, 2019 17:38 Asia/Ashgabat
  • Rabiei:Amerika sessiz uruşy bilen Eýranlylaryň ýaşaýyşyna zarba urmagyň yzyndadyr

Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei Amerikanyň Eýran milletine garşy ýola berip duran duşmançylykly gadaganlyklaryna yşarat edip Amerika sessiz uruşy bilen Eýranlylaryň ýaşaýyşyna zarba urmagyň yzyndadyr diýdi.

Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei şu gün habar konferensiýasynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň gaznadarlyk ministri Steven Mnuchin-iň gadaganlyklar uruşyň ýerine diýen gürrüňine gaýtawul berip Amerika uruşyň ýerine gadaganlyklary ýola bermek bilen maliýe,dewa derman we azyk çeşmeleri arkaly ilaty basyş astyna alandyr diýdi.

Rabiei şeýle-de şeksiz Amerikanyň basyşlary we gadaganlyklary dünýäniň howpsuzlygyna we parahatçylygyna wehim abandyrýandyr we bu bolsa ýazyksyz ilata garşy bir hilli uruşdyr diýip yglan etdi.

Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei sözüniň dowamynda Amerikanyň Eýranyň gämi sürüjilik we howa ýollar şereketleriniň tersine ýola berýän basyşlaryndan we gadaganlyklaryndan yzarlaýan maksady barada gürrüň gozgap Waşington bu hilli işler bilen köpçüligiň ruhy asudalygyna şikes ýetirmegiň yzyndadyr diýdi.