Ruhani:Eýran gadaganlyklary pursata öwürendir
(last modified Wed, 18 Dec 2019 11:42:06 GMT )
Dec 18, 2019 16:42 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýran gadaganlyklary pursata öwürendir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Amerikanyň Eýran milletine garşy ýola berip duran zalymlykly gadaganlyklaryna yşarat etmek bilen Eýran Yslam Respublikasy duşmanlaryň gadaganlyklaryny we aňrybaş basyşlaryny berk durmak we çydam görkezmek bilen pursata öwürendir diýip beýan etdi.

Kuala-Lumpur maslahatyna gatnaşmak üçin Malaýziýa ýurduna sapar eden Hasan Ruhani şu gün bu ýurdaky Eýranlylar bilen geçiren duşuşygynda Eýran milletiniň Amerikanyň azyk we dewa dermany hem öz içine alýan bikanun gadaganlyklarynyň garşysynda berk durandyklaryny aýtdy.

prezident Ruhani şeýle-de Amerika we Sionistleriň Eýrana aňrybaş basyş bermek we bu ýurda garşy gadaganlyklary ýöredmek bilen Yslam Respublikasyna zarba urmagy yzarlaýandyklaryna yşarat edip daşary basyşlaryň şol sanda ykdysady,syýasy,medeni we goraýyş basyşlaryň garşysynda Eýranyň çydamy gaty artandyr diýdi.

prezident Ruhani şeýle-de Eýran halkynyň mydama ekstremizm we terrorizme garşy bolandyklaryny beýan etmek bilen Eýranyň sargydy ähli ýurtlar aýratynda musulman ýurtlar bilen ýakyn arkalaşyklary saklamakdyr diýip belläp geçdi.