Musawi:Eýran Pars aýlagyň hyzmatdaşlyk geňeşi bilen saklaýan arkalaşyklaryny ösdürmäge taýýardyr
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Tehranyň Pars aýlagyň hyzmatdaşlyk geňeşi bilen saklaýan arkalaşyklaryny ösdürmäge taýýardygyny habar berdi.
Eýran özüniň goňşylary şol sanda Pars aýlagyň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlary bilen saklaýan arkalaşyklaryny ösdürmegi özüniň gün tertibinde ýerleşdirendir we şu ugurda boldygyndan sebit ýurtlaryň içeri işlerine goşulmazdan olara ýardym etmegiň yzyndadyr diýip şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi aýtdy.
Musawi sebitiň kä ýurtlarynyň özleriniň barlygyny başga ýurtlaryň bolmazlygynda bilýändirler diýmek bilen bu hili syýasat we howpsuzlyk üçin kesekilerden kömek soramaklyk Aziýanyň günbatarynyň duş bolup duran kynçylyklarynyň möhümsidir diýip sözlerine goşdy.
Musawi şeýle-de Owganystanyň özgerişleri barada gürrüň gozgap Owganystanda talyban toparynyň bolmaklygy bir hakykatdyr we onyň görmezlik edilmegi bilen bu ýurtdaky dartgynlylyklar dowam etjekdir diýdi.
Eýran döwleti talyban toparyny Owganystanyň merkezi döwleti bilen oturyşyp gürrüň etmek üstünli Owganystan meselesine çäre tapmaklyga razy etmek ugurda tagalla edendir diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili aýtdy.