Aýatolla Kaşani:musulmanlar duşmanlaryň hileleriniň garşysynda hüşgär bolsunlar
(last modified Fri, 20 Dec 2019 11:01:34 GMT )
Dec 20, 2019 16:01 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Kaşani:musulmanlar duşmanlaryň hileleriniň garşysynda hüşgär bolsunlar

Tehranyň juma namazynyň hatyby musulman ýurtlaryň özgerişlerine yşarat edip duşmanlaryň hileleriniň garşysynda musulmanlary hüşgärlige çagyrdy.

Aýatolla  Muhammet Ymami Kaşani imperializm mydama musulmanlaryň bähbitlerine urgy urmagyň yzynda bolandyrlar diýmek bilen terrorçy DAEŞ toparyny Amerika we Sionist režimi öz bähbitlerine ýetmek üçin döredendirler diýip yglan etdi.

dönükleriň we ganhorlaryň köpüsi Yrakda duşmanyň ýol görkezmeleri bilen protestçileriň arasyna aralaşandyrlar oňa görä Yrak ilaty bu barada hüşgär bolmalydyrlar diýip Tehranyň juma namazynyň hatyby aýtdy.

Aýatolla Ymami Kaşani şeýle-de Nigeriýanyň yslam hereket galkynyşynyň başlygy Şyh Ybrahim Zakzaki-e Nigeriýa döwletiniň erbet çemeleşmegine tankyt bildirmek bilen yslam dünýäsi Şyh Zakzakiň azatlygy ugurynda köpräk tagalla etmelidirler diýip nygtady.

Şyh Zakzaki bilen onuň başdaşy 2015-nji ýylyň Dekabr aýynyň 13-nde Nigeriýanyň goşun güýçleriniň Zariýa şäheriniň Huseniýesine eden hüjümlerinde gola salyndylar.

şol hüjümde şeýle-de ýüzlerçe adam şol sanda Şyh Zakzakiň 3 perzendi şehit boldylar.